Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Baş konsullygy tarapyndan Kazan şäherinde welosipedli ýöriş geçirildi

2025-nji ýylyň 2-nji iýunda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Baş konsullygy tarapyndan Kazan şäherinde Bütindünýä welosiped güni mynasybetli welosipedli ýöriş geçirildi. Kazanka derýasynyň gyrasynda ýerleşýän «Uram» ekstrim parkyndan başlap Kazan Kremline çenli geçirilen bu sport çäresine diplomatik wekilhananyň işgärleri we Kazan şäherinde bilim alýan türkmen talyp ýaşlary gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Kazan şäherindäki diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy dabaranyň açylyşynda eden çykyşynda 2025-nji Halkara parahatçylylyk we ynanyşmak ýylynda bu halkara baýramyň parahatçylygyň ilçisi, özara ynanyşmak we düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň nyşany hökmünde ähmiýeti has hem ýokarlanýandygyny we bu gün mähriban halkymyzy, aýratyn hem ýaşlarymyzy beýik maksatlara ugrukdyrýan, olarda maksada okgunlylyk, özüne bolan ynamy berkitmek ýaly häsiýetleriň kemala gelmegine ýardam edýändigini belledi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan daşary syýasat strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biri bolan sport diplomatiýasynyň parahatçylygy we hoşniýetli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýedigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, sport ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny güýçlendirmegiň, sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmegiň hem-de ekologiki medeniýeti kemala getirmegiň ýaş nesilleri terbiýelemekde möhüm ornunyň bardygy nygtaldy.