Ýyly mähriň duýýarys alysdan Watan

Binýady berkden gurlan, bagt daragtynyň barha pajarlaýan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ýaş nesiller hakyndaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi.  Çünki, Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýaş nesliň ylymly, bilimli, giň dünýä garaýyşly, Watana, il-güne wepaly watansöýüjiler bolup ýetişmekligi üçin wajyp işleri durmuşa geçirýär.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ilkinji kitabynyň “Ýaşlar - Watanyň daýanjy” diýip atlandyrmagy hem munuň aýdyň güwänamasydyr. Ýaňy ýakynda, Kazan şäherinde, ýagny 2024-nji ýylyň 27-nji fewralynda Kazan milli barlag tehnologiýa uniwersitetinde hem-de 8-nji fewralynda Kazan döwlet lukmançylyk uniwerstitetinde bolup geçen bu kitabyň tanyşdyrylyşy, Hormatly Prezidentimiz tarapyndan ýaş-nesil üçin edilýän alada, bu şäherde okaýan türkmen talyplarynda buýsanç duýgusyny has-da artdyrdy.

Ýene-de bir begendirýän zatlaryň biri hem, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ilkinji kitabynyň türkmen ýaşlaryna bagyşlamagy bolup durýar, çünki, munuň özi, döwlet Baştutanymyzyň ýaşlar baradaky aladasynyň bimöçberdiginiň ykrarnamasy bolup ýaňlanýar.

Hormatly Prezidentimiziň kitabynyň her bir sahypasynda ýaş nesle gönükdirilen üns, alada we ynam bar. Bu kitap ýurt daşynda bilim alýan talyplar üçin ajaýyp sowgat we gollanma boldy. Çünki, dogduk mekanyňdan uzakda bolmak, Watana, göbek ganymyzyň daman ýerine bolan söýgini has-da güýçlendirýär. Güneşli Türkmenistanymyzyň her bir gymmatlygyna, köp asyrlyk medeniýetine, däp-dessurlaryna, diline, milli hazynalaryna, edebiýatyna, aýdym-sazyna, tanslaryna, ejemiziň çöreginiň, ir-iýmişleriň, gök önümleriň tagamyna uly söýgi bilen garap, olara belent sarpa goýýarsyň.

Kazan şäherindäki türkmen talyplarynyň durmuşynda, ýene bir şatlykly waka, Türkmenistanyň Kazan şäherindäki Baş konsullygy tarapyndan gurnalan Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan çäre bolup durýar. Kazan Federal Uniwersitetinde  2024-nji ýylyň 14-nji fewralynda “Pähim paýhas ummany, Magtymguly Pyragy” atly şygar astynda geçirilen, bu çäräniň dowamynda edilen gürrüňler diňleýjiler tarapyndan uly gyzyklanma bilen garşy alyndy.

Elbetde, Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň ýüreginde aýratyn orny eýeleýär. Bu ajaýyp çäre hem, biz daşary ýurtda okaýan talyplary, bir az salym bolsa-da, Watanymyza syýahat etmek mümkinçiligini berdi. Çäräniň dowamynda, döredijiligi Jemşidiň jamyna deňelýän Magtymguly Pyragynyň ajaýyp goşgulary, şahyryň umman ýaly giň edebiýaty barada edilen gürrüňler biz ýaşlaryň göwünlerini galkyndyrdy.

Şunuň bilen baglylykda, akyldar şahyryň goşgularyna, Ýurt Baştutanymyzyň ýaşlara uly ynam bildirýändigine salgylanmak bilen, Türkmenistanyň Kazan şäherindäki Baş konsullygynyň ýolbaşçysy, biz ýaş-nesliň kämil bilim alyp, öz ynsanperwerligimiz, işjeňligimiz we döredijiligimiz bilen Watana bolan söýgini görkezmelidigini, şeýle-de, ýurdumyzyň geljeginiň biz ýaşlaryň elimizdedigini, Diýarymyzyň gülläp ösmegi üçin mynasyp bilim almaly we ökde hünärmenler bolmalydygyny aýdyp geçdi.

Biz hem öz gezegimizde, Hormatly Prezidentimizi, Milli Liderimizi -Hormatly Arkadagymyzy, biz ýaş türkmenistanlylar, nirede bolsak-da, ene topragymyzyň däp-dessurlaryny, türkmen halkynyň medeniýetini, taryhyny dünýä ýaýyp, yhlas bilen okap, “Öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan” diýen şygary ýüreklerde baýdak edinip, ata Watanymyzyň gülläp ösmegi üçin öz goşandymyzy goşjakdygymyza ynandyrýarys.

 

Begaliýewa Roza

Kazan Federal Uniwersiteti,

 2-nji ýyl magistr talyby