Türkmenistanyň Prezidentiniň Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy

photo

2025-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli halkara maslahata gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen duşuşdy.

Döwlet Baştutanymyz belent mertebeli myhmany mübärekläp, ýurdumyzda geçirilýän giň gerimli halkara foruma gatnaşmaga çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de sebitde we dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmaga gönükdirilen bu foruma Täjigistanyň Prezidentiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň gatnaşmagynyň ähmiýetini belledi.

Dostlukly döwletiň Lideri türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, halkara forumyň parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgelerini ilerletmek boýunça hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemäge, bu ugurdaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam berjekdigini aýtdy. Pursatdan peýdalanyp, Prezident Emomali Rahmon Prezident Serdar Berdimuhamedowy Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady.

Döwlet Baştutanymyz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 80 ýyllygy we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy bilen gabat gelmeginiň onuň many-mazmunyny has-da baýlaşdyrýandygyny aýtdy.

Nygtalyşy ýaly, soňky ýyllarda Türkmenistan bilen Täjigistanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk täze derejä çykaryldy. Ýokary we Hökümet derejelerinde geçirilýän yzygiderli gepleşikler, özara saparlar dostlukly gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga itergi berýär.

Duşuşygyň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow hem-de Prezident Emomali Rahmon Türkmenistanyň we Täjigistanyň köpugurly döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga taýýardyklaryny ýene-de bir gezek tassyklap, iki dostlukly ýurduň halklaryna parahatçylyk, durnuklylyk, abadançylyk, rowaçlyk arzuw etdiler.