Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Belarus Respublikasynyň Daşary işler ministri bilen duşuşygy geçirildi
2026-njy ýylyň 7-nji oktýabrynda Türkmenistanyň 2026-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçirilýän çäreleriň meýdançasynda, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Belarus Respublikasynyň Daşary işler ministri Maksim Ryženkow bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-belarus gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny we ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary boýunça pikir alyşdylar.
Yzygiderli syýasy dialogy dowam etdirmegiň we pudagara gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň ähmiýeti bellenildi. Söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygy giňeltmäge aýratyn üns berildi.
Şeýle hem taraplar konstruktiw dialogy dowam etdirmäge we Türkmenistanyň hem-de Belarus Respublikasynyň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmäge taýýardyklaryny beýan etdiler.
***
Duşuşygyň netijeleri boýunça Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Belarus Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2027–2028-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gol çekmek dabarasy geçirildi. Resminama pudagara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine we ulgamlaşdyrylmagyna gönükdirilendir.