DAŞARY ÝURTLY HYZMATDAŞLAR BILEN NOBATDAKY WIDEODUŞUŞYK

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy ýurtlarynyň hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň wideomaslahat görnüşinde geçirilen nobatdaky mejlisine gatnaşdy.
Duşuşygyň gün tertibine GDA-nyň çäklerinde ykdysady hyzmatdaşlyk, şol sanda Arkalaşygyň döwletlerinde hem-de tutuş dünýäde emele gelen epidemiologiýa ýagdaýy nazara alnyp, ykdysady ulgamda hyzmatdaşlyk etmegiň meseleleri girizildi.
Mejlisde Türkmenistanyň GDA-nyň çäklerinde hyzmatdaşlyga, hususan-da, 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Arkalaşygyň Ykdysady ösüş strategiýasyny durmuşa geçirmek boýunça gatnaşyklara ygrarlydygy tassyklanyldy. Şunuň bilen baglylykda, köptaraplaýyn ulag gatnaşyklarynyň ösdürilmegine, Demirgazyk — Günorta we Gündogar —Günbatar ugry boýunça durnukly ulag-üstaşyr geçelgeleriniň ilerledilmegine aýratyn üns berildi.
Türkmen tarapynyň obasenagat toplumy, maşyngurluşyk, nebiti hem-de gazy gaýtadan işlemek, saglygy goraýyş we derman senagaty, hyzmatlar ulgamy, ynsanperwer gatnaşyklar ýaly ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanmasy beýan edildi.
Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2021-nji ýyly GDA-da Binagärlik we şähergurluşyk ýyly diýip yglan etmek baradaky başlangyjy barada aýdyldy.
Şu ýylyň maý aýynda Arkalaşygyň hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde türkmen tarapy çäreleriň degişli meýilnamasy hakyndaky çözgüde gol çekdi. Şunuň bilen baglylykda, duşuşyga gatnaşyjylara binagärlik we şähergurluşyk ulgamynda geljek ýyl Türkmenistanda geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreler barada habar berildi.
Şu gezekki mejlisde 2030-njy ýyla çenli döwür üçin GDA-nyň Ykdysady ösüş strategiýasynyň birinji tapgyryny durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy. Bu meýilnama 2021 — 2025-nji ýyllary öz içine alýar hem-de söwda-ykdysady hyzmatdaşlyga, senagata, ýangyç-energetika toplumyna, ulaga, aragatnaşyga we maglumatlaşdyrylmaga, obasenagat toplumyna, walýuta-maliýe syýasatyna, zähmet bazaryna degişli 29 bölümden ybaratdyr.
Resminamada kärhanalaryň hem-de tehnologiýalar bilen baglanyşykly önümçilikleriň arasynda özara bähbitli önümçilik goşulyşylmagyny giňeltmek, maýa goýumy we ylmy hyzmatdaşlygy goldamak, milli ykdysadyýetiň sanlylaşdyrylmagyny üpjün etmek, innowasiýalar ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, GDA ýurtlarynyň döwlet serhetleriniň üsti bilen üstaşyr ýük gatnawlaryna ýardam bermek, harytlar hem-de hyzmatlar arkaly özara söwdany ösdürmek, milli töleg ulgamlarynyň bökdençsiz işlemegini üpjün etmek boýunça bilelikdäki çäreleri we taslamalary işläp taýýarlamak hem-de durmuşa geçirmek göz öňünde tutulýar.
Meýilnamada gymmatly kagyzlar bazaryny hem-de ätiýaçlandyryş bazaryny ösdürmek, bilim we ylym kuwwatyny artdyrmak meselelerine uly orun berilýär. COVID-19 koronawirus ýokanjynyň tiz ýaýramagy zerarly dörän sanitar-epidemiologiýa häsiýetli adatdan daşary ýagdaýlaryň GDA ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin oňaýsyz täsiriniň peseldilmegine bagyşlanan ýörite bölüm göz öňünde tutuldy.
Mundan başga-da, GDA agza döwletleriň çäklerinde 2020 — 2025-nji ýyllarda halkara ugurlarda gatnawlar amala aşyrylanda, ulag howpsuzlygyny üpjün etmegiň strategiýasyny durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň meýilnamasy hem-de 2021 — 2022-nji ýyllarda ynsanperwer hyzmatdaşlygy ulgamynda ileri tutulýan çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy.
Geňeşiň nobatdaky mejlisini geljek ýylyň maý aýynda Minsk şäherinde geçirmek bellenildi.