Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Baş konsullygynda (Kazan ş.) Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynda ses bermek geçiriler

2022-nji ýylyň 12-nji martyna, şenbe güni, Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary bellenilen.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Baş konsullygynda (Kazan ş.) degişli saýlaw uçastogy döredildi (Kazan şäheri, Sibirskiý pereulok, jaý 6 salgyda ýerleşýär).

Türkmenistanyň on sekiz ýaşy dolan hem-de Russiýanyň şu sebitlerinde: Tatarystan, Başgyrdystan, Mariý El, Mordowiýa, Udmurt, Çuwaş Respublikalarynda, Perm ülkesinde, Kirow, Nižegorod, Orenburg, Penza, Samara, Saratow we Ulýanow oblastlarynda ýerleşýän raýatlary 2022-nji ýylyň 12-nji martynda sagat 07:00-19:00 (Moskwa wagty bilen) aralygynda ses berip bilerler.

Ses berýänler saýlaw uçastogyna gelen mahallary şahsyýetini tassyklaýan resminamalaryny (Türkmenistanyň raýatyň içerki we biometrik maglumatly pasporty) görkezmelidirler. Her bir saýlawçynyň özi ses berýär, başga adamlaryň ýerine ses berilmegine ýol berilmeýär.

Saýlaw güni – 2022-nji ýylyň 12-nji martynda Kazan şäherinde bolup bilmejek saýlawçylar ýokarda agzalan saýlaw uçastogynda öňünden 2022-nji ýylyň 2-nji martyndan başlap sagat 07:00-19:00 (Moskwa wagty bilen) aralygynda ses berip bilerler.