img
TÜRKMENISTANYŇ BAŞ KONSULLUGY
RUSSIÝA FEDERASIÝASY - KAZAN
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
30 Awg

Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň Daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçirildi

2026-njy ýylyň 30-njy awgustynda Türkmenistanyň DIM-niň binasynda Türkmenistana iş sapary bilen gelen Ýaponiýanyň Daşary işler ministri Toşimitsu Motegi bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetleriň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlaryndaky häzirki ýagdaýyny hem-de geljekki ösüş mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunda dö...

DOWAMY
pic
29 Awg

Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisini kabul etdi

2026-njy ýylyň 28-nji awgustynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şener Jebejini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanyna  ynanç hatyny gowşurdy. Ilçi duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, ata Watany Türkmenistanda Türkiýe Respublikasyna wekilçilik etmegiň özi üçin uly hormatdygyny belledi hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Rejep Taýyp Ärdoganyň...

DOWAMY
pic
26 Awg

Gahryman Arkadagymyz bilen Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi

2026-njy ýylyň 25-nji awgustynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri we Gazagystanyň Prezidenti birek-biregi mähirli mübärekläp, iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler. Gahryman Arkadagymyz Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasyny...

DOWAMY
pic
25 Awg

Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

2026-njy ýylyň 24-nji awgustynda  hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Petra Dahtleri kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy. llçi duşuşmaga wagt tapandygy üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, dürli ulgamlarda uly ösüşleri gazanýan Türkmenistanda Germaniýa wekilçilik etmegiň özi üçin uly hormatdygyny belledi. Mümkinçilikden peýdalanyp, Germaniý...

DOWAMY
pic
21 Awg

Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Daşary işler ministrini kabul etdi

2026-njy ýylyň 20-nji awgustynda Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Täjigistan Respublikasynyň Daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddini kabul etdi. Sirojiddin Muhriddin mümkinçilikden peýdalanyp, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň Prezident Serdar Berdimuhamedowa we Gahryman Arkadagymyza iberen mähirli salamyny ýetirdi. Şeýle-de Sirojiddin Muhriddin Türkmenistan bilen özara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň Täjigistanyň daşary syýasat...

DOWAMY
pic
20 Awg

Türkmenistan bilen Täjigistan Respublikasynyň arasynda syýasy geňeşmeler

2026-njy ýylyň 20-nji awgustynda Türkmenistanyň DIM-inde Türkmenistanyň we Täjigistan Respublikasynyň Daşary işler ministrleriniň derejesinde syýasy geňeşmeler geçirildi. Geňeşmeleriň dowamynda ikitaraplaýyn gün tertibiniň giň meseleler toplumy boýunça pikir alşyldy. Taraplar syýasy-diplomatik özara gatnaşyklaryň mehanizmlerini mundan beýläk-de kämilleşdirmäge aýratyn üns berdiler. Taraplar Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerindäki netijeli hyzmatdaşlygyň ähmiýetini kanagatlanma bilen...

DOWAMY
pic
17 Awg

Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 81-nji sessiýasynda ileri tutýan ugurlary

Türkmenistan halkara işleriň işjeň gatnaşyjysy hökmünde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 81-nji sessiýasynyň çäklerinde adamzadyň öňünde durýan has derwaýys we wajyp meseleleri çözmek barada öz garaýyşlaryny beýan eder hem-de olaryň netijeli çözülmegine gönükdirilen anyk başlangyçlary öňe sürer. Bitaraplygyň umumy ykrar edilen derejesine berk eýermek, parahatçylygy, durnuklylygy, howpsuzlygy berkitmek maksady bilen işjeň gepleşikleri hemmetaraplaýyn goldamak, netijeli sebit we sebitara hyzmatdaşlygy...

DOWAMY