SOŇKY HABARLAR
Gahryman Arkadagymyz Kazan halkara atçylyk sport toplumyna baryp gördi
Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Kazan halkara atçylyk sport toplumyna baryp gördi. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyzy RF-niň Tatarystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, oba hojalyk we azyk ministri, Atçylyk we atçylyk sporty federasiýasynyň başlygy Marat Zýabbarow hem-de Kazan halkara atçylyk sport toplumynyň direktory mähirli garşyladylar. Türkmen halkynyň Milli Lideri...
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Özbegistan Respublikasyna iş sapary
2026-njy ýylyň 13-14-nji maýy aralygynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Özbegistan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Saparyň ilkinji gününde türkmen wekiliýeti sebit ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň zenan ýolbaşçylarynyň Dialogynyň çäklerinde guralan «Ylymda zenanlaryň ýolbaşçylygy: häzirki zaman meseleleri, innowasion çözgütler we ylmy hyzmatdaşlyk» atly alym zenanlaryň forumyna gatnaşdy. Forumda çykyş eden Mejlisi...
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi
2026-njy ýylyň 13-nji maýynda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna amala aşyrýan saparynyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy we Prezident Wladimir Putin birek-biregi mähirli mübärekläp, iki ýurduň arasynda yzygiderli ösdürilýän hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyna ý...
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna sapary başlandy
2026-njy ýylyň 13-nji maýynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna sapar bilen ugrady. Kazanyň Gabdulla Tukaý adyndaky Halkara howa menzilinde Milli Liderimizi Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow hem-de ýurdumyzyň resmi wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar. Günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Halk Malahatynyň Başlygy bilen Tatary...
Aşgabat şäherinde GDA agza ýurtlaryň demir ýol ulagy boýunça Geňeşiniň 84-nji halkara mejlisi öz işine başlady
2026-njy ýylyň 13-nji maýynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň demir ýol ulagy boýunça Geňeşiniň 84-nji halkara mejlisi öz işine başlady. Çäräniň başynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň mejlise gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy. Ýurdumyzyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň, GDA agza ýurtlaryň demir ýol ulagy boýunça Geňeşiniň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilýän mejlisiň çäklerinde ugurdaş çäreleriň guralmagyna möhüm ähmiýet berlendigini aýtmak g...
Gahryman Arkadagymyz Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýanyndaky Syýasy meseleler boýunça konsultatiw komitetiň başlygy bilen duşuşdy
2026-njy ýylyň 12-nji maýynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýanyndaky Syýasy meseleler boýunça konsultatiw komitetiň başlygy Tan Şri Mohd Hassan Marikan bilen duşuşdy. Tan Şri Mohd Hassan Marikan duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallygyny beýan edip, Malaýziýada Türkmenistan bilen köpugurly gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berilýändigini belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, Malaýziýany...
Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň wekillerini kabul etdi
2026-njy ýylyň 11-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýanyndaky Syýasy meseleler boýunça konsultatiw komitetiň başlygy Tan Şri Mohd Hassan Marikany, «PETRONAS» kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy we baş ýerine ýetiriji direktory Tan Şri Tengku Muhammad Taufigi, «PETRONAS» kompaniýasynyň Baş önümçilik direktory, ýerine ýetiriji wise-prezidenti, gözleg we agtaryş, özleşdirme we çykaryş bölümçesiniň baş ýerine ýetiriji direktory Mohd Jukris bin...