SOŇKY HABARLAR
KHBS üçin maglumat
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Ýakyn Gündogar sebitindäki häzirki ýagdaý bilen baglylykda, ynsanperwerlik we özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanyp, şeýle hem halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmäge berk ygrarly bolup, daşary ýurt raýatlarynyň, awtoulaglaryň we demir ýol ulaglarynyň hereket edýän düzüminiň türkmen-eýran serhedinden geçmegi üçin ähli zerur şertleri doly üpjün edýändigini habar berýär. Şol bir wagtyň özünde, döwlet serhedindäki ähli halkara gözegçilik nokatlary adaty...
KHBS üçin maglumat
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Ýakyn Gündogardaky ýagdaýyň ýitileşmegi bilen baglylykda aladalanma bildirýär we onuň bu ýagdaýy düzgünleşdirmek boýunça diplomatik tagallalaryň dowam edýän şertlerinde ýüze çykmagynyň gynanç döredýändigini beýan edýär. Türkmenistan BMG tarapyndan ykrar edilen hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolan döwlet hökmünde ähli çylşyrymly halkara meseleleriň syýasy-diplomatik serişdeleriň we usullaryň ulanylmagy arkaly BMG-niň Tertipnamasynyň we halkara...
Beýik Britaniýanyň Daşary işler, Arkalaşygyň işleri we ösüş boýunça ministri bilen duşuşyklar
2026-njy ýylyň 26-njy fewralynda Lankaster binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Daşary işler, Arkalaşygyň işleri we ösüş boýunça ministri Iwett Kuperiň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildi. Gepleşiklere Birleşen Patyşalygyň Ýewropa, Demirgazyk Amerika we daşarky çäkler boýunça Döwlet ministri Stiwen Dauti hem gatnaşdy. Gepleşikleriň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giň toplumy, sebit gün tertibi hem-de halkara ähmiýetli häzirki meseleler ara alnyp masla...
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Beýik Britaniýanyň Daşary işler ministrleriniň mejlisi geçirildi
2026-njy ýylyň 26-njy fewralynda Lankaster haus binasynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Beýik Britaniýanyň Daşary işler ministrleriniň mejlisi geçirildi. Onuň dowamynda syýasy dialogy çuňlaşdyrmagyň, söwda-ykdysady hem-de maýa goýum hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň geljekki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow öz çykyşynda Merkezi Aziýa – Beýik Britaniýa formatynda ilkinji ministrler duşuşygyny geçirmek başlangyjy üçin britan tarapyna minnetda...
London gazna biržasynda geçirilen duşuşyk barada
2026-njy ýylyň 26-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow London gazna biržasynyň Baş ýerine ýetiriji direktory Juliýa Enn Hogget hem-de Beýik Britaniýanyň Maliýe ministrliginiň (UK Treasury) Ykdysady sekretary Lýusi Rigbi bilen bilelikdäki duşuşyga gatnaşdy. Duşuşygyň dowamynda türkmen tarapy Londonyň dünýäniň öňdebaryjy maliýe merkezleriniň biri hökmünde ählumumy maýa goýum akymlarynyň kemala gelmegindäki ähmiýetini belledi. Şeýle hem britan hyzmatdaşlary bilen ama...
Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň prezidenti bilen gepleşikleri geçirdi
2026-njy ýylyň 25-nji fewralynda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň prezidenti hanym Odil Reno-Basso bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar maliýe-maýa goýum hyzmatdaşlygyny giňeltmek hem-de bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Ministr R.Meredow ykdysady ösüş strategiýasyny amala aşyrmagyň çäklerinde Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygyny berkitmäge, şo...
Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Parlamentindäki duşuşyklar
2026-njy ýylyň 25-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň Beýik Britaniýanyň Parlamentiniň Jemgyýet palatasynyň başlygy Lindsi Hoýl bilen duşuşygyna gatnaşdy. Duşuşygyň dowamynda türkmen tarapy parlamentara gatnaşyklary berkitmek boýunça alnyp barylýan yzygiderli tagallalar üçin hoşallyk bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, 2011-nji ýylda gol çekilen Özara düşünişmek baradaky Ähtnamanyň düzgünleriniň...