img
TÜRKMENISTANYŇ BAŞ KONSULLUGY
RUSSIÝA FEDERASIÝASY - KAZAN
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
16 Sen

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda gepleşikler geçirildi

2026-njy ýylyň 15-nji sentýabrynda Koreýa döwlet saparynyň çäklerinde Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Li Çže Mýonuň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Ir bilen Türkmenistanyň döwlet Baştutany Koreýa Respublikasynyň Milli gahrymanlarynyň ýadygärligine bardy. Türkmenistanyň Prezidenti Koreýanyň milli gahrymanlaryny hatyralap, ýadygärlige gül desselerini goýdy. Soňra Türkmenistanyň döwlet Baştutany koreý halkynyň däp-dessurlaryna hormatyň nyş...

DOWAMY
pic
15 Sen

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna döwlet sapary başlandy

2026-njy ýylyň 14-nji sentýabrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow döwlet sapary bilen, şeýle hem “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” ilkinji sammitine gatnaşmak üçin Koreýa Respublikasyna ugrady. Häzirki wagtda Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklar okgunly ösdürilip, strategik hyzmatdaşlyk derejesine çykarylýar. Soňky ýyllarda ýokary derejedäki yzygiderli gatnaşyklaryň netijesinde döwletara dialog oňyn häsiýeti bilen tapawutlanýar. Prezident Serd...

DOWAMY
pic
12 Sen

Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň ykdysadyýet, söwda we senagat boýunça döwlet ministrini kabul etdi

2026-njy ýylyň 11-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň ykdysadyýet, söwda we senagat boýunça döwlet ministri Kenji Ýamadany kabul etdi. Kenji Ýamada duşuşmaga döredilen mümkinçilik hem-de bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, Ýaponiýada Türkmenistan bilen köpugurly gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýändigini belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, Ýaponiýanyň Imperatory Naruhitonyň, Premýer-ministri Sanae Takaitiniň hormatly Pre...

DOWAMY
pic
11 Sen

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Ýaponiýanyň Ykdysadyýet, söwda we senagat boýunça Döwlet ministri bilen duşuşygy

2026-njy ýylyň 11-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Ýaponiýanyň Ykdysadyýet, söwda we senagat boýunça döwlet ministri Kendzi Ýamada bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny we ony ösdürmegiň geljegi uly ugurlaryny, ilkinji nobatda, söwda-ykdysady ulgamdaky hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar. Iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň durnukly häsiýete eýedigini belläp, taraplar özara bähbitli hyzma...

DOWAMY
pic
10 Sen

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň GDA-nyň Baş sekretary bilen duşuşygy geçirildi

2026-njy ýylyň 10-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 111-nji mejlisine gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedew bilen duşuşdy. Gepleşikleriň dowamynda GDA-nyň gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça pikir alşyldy. 2026-njy ýylda Türkmenistanyň Arkalaşykdaky başlyklygynyň ileri tutulýan ugurlaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmek, şeýle hem döwlet we ýokary derejedäki öňde boljak çä...

DOWAMY
pic
10 Sen

Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa Bileleşiginiň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

2026-njy ýylyň 9-njy sentýabrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Lýuk Pýer Dewini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy. Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin Türkmenistanyň Prezidentine tüýs ýürekden hoşallygyny bildirip, Türkmenistanda Ýewropa Bileleşigine wekilçilik etmegiň özi üçin uly hormatdygyny belledi hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, Ýewropa Geňeşiniň Başlygy Antonio K...

DOWAMY
pic
10 Sen

Türkmenistanyň Prezidenti Fransiýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisini kabul etdi

2026-njy ýylyň 9-njy sentýabrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Fransiýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Alena Grandy kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy. Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin Türkmenistanyň Prezidentine tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Fransiýada Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge uly ähmiýet berilýändigini belledi hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, Prezide...

DOWAMY