SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş banky bilen hyzmatdaşlygy täze derejä çykýar
2026-njy ýylyň 28-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş bankynyň (ÝTÖB) Prezidenti Odil Reno-Basso bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň ÝTÖB bilen hyzmatdaşlygynyň ýokary depginler bilen dowam etdirilýändigini bellediler. ÝTÖB-niň Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň diwersifikasiýalaşdyrylmagyny, “ýaşyl” energiýanyň ösdürilmegini, sebitleýin özara gatnaşyklaryň we ekologiýa taýda...
Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň ýol we şähergurluşyk ministrini kabul etdi
2026-njy ýylyň 27-nji iýulynda Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Aşgabat şäherine sapar bilen gelen Eýran Yslam Respublikasynyň ýol we şähergurluşyk ministri Farzane Sadeg Malwajerdi kabul etdi. Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallygyny beýan edip, Türkmenistan bilen dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilmegine Eýranda möhüm ähmiýet berilýändigini belledi hem-de Prezident Masud Pezeşkianyň döwlet Baştutanymyza hem-de Gahryman Arkadagymyza iberen mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryn...
Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-eýran hökümetara toparynyň bilelikdäki başlyklarynyň duşuşygy geçirildi
2026-njy ýylyň 27-nji iýulynda Türkmenistanyň DIM-nde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-eýran hökümetara toparynyň bilelikdäki başlyklary – Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Ýol we şäher ösüşi ministri Farzane Sadeg Malwajerdiň duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny we geljekki ösüş mümkinçiliklerini, şeýle hem ikitaraplaýyn görnüşde hem-de, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Gur...
KHBS üçin maglumat
2026-njy ýylyň 25-nji iýulynda halkara köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde Hazar deňziniň suw giňişliginde deňiz gämisine edilen hüjüm barada maglumatlar çap edildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi şeýle hereketleriň ýol berilmesizdigini beýan edýär. Türkmenistan hazarýaka döwletleriniň biri bolmak bilen, Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolan ýurt hökmünde Hazar deňziniň parahatçylygyň, agzybi...
Türkmenistanyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy «Halkara hukugynyň ýyly, 2028» atly Kararnamany kabul etdi
2026-njy ýylyň 24-nji iýulynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen hödürlenen «Halkara hukugynyň ýyly, 2028-nji ýyl» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Resminamanyň awtordaşlary hökmünde 78 döwlet çykyş etdi, bu bolsa başlangyjyň giň halkara goldawyna eýedigini görkezýär. Kararnamanyň taslamasy hödürlenilende türkmen tarapy çuňňur ählumumy özgertmeleriň häzirki şertlerinde halkara hukugyna hor...
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
2026-njy ýylyň 24-nji iýulynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Gahryman Arkadagymyz dostlukly döwletiň Baştutanyny doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlap, Prezident Şawkat Mirziýoýewe berk jan saglyk, uzak ömür, egsilmez güýç-kuwwat, jogapkärli döwlet işinde üstünlikleri arzuw etdi. Şeýle hem Türkmenistanyň Halk Maslahatyn...
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysyny kabul etdi
2026-njy ýylyň 20-nji iýulynda Prezident Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Türkmenistanda täze bellenilen hemişelik utgaşdyryjysy Sýaoszýun Greýs Wany kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy. Diplomat mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimiz bilen duşuşmagyň özi üçin uly hormatdygyny aýtdy. Sýaoszýun Greýs Wan döwlet Baştutanymyzyň başda durmagynda Türkmenistanyň ösüşiň we özgertmeleriň ýoly bilen ynamly öňe barýandygyny belledi hem-de mümkinçilikd...