SOŇKY HABARLAR
KHBS üçin maglumat
Şu gün, 2026-njy ýylyň 20-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow bilen Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministri S.Lawrowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Onuň dowamynda türkmen-rus gatnaşyklarynyň gün tertibindäki birnäçe mesele ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar Türkmenistan bilen Russiýanyň ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň meselelerine aýratyn üns berdiler. Şunuň bilen baglylykda, bilelikdäki bilim we medeni...
Hormatly Prezidentimiziň Gruziýa döwlet sapary tamamlandy
2026-njy ýylyň 17-nji iýulynda ir bilen döwlet Baştutanymyz Tbilisi şäherindäki Gahrymanlar meýdanyna bardy. Bu ýerde Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzülipdir. Hormatly Prezidentimiz Gruziýanyň milli gahrymanlaryny hatyralap, ýadygärlige gül desselerini goýdy. Munuň özi geljek nesilleriň abadan durmuşy üçin şirin janyny pida eden gahrymanlary hatyralamak ýaly türkmen we gruzin halklaryna mahsus däpleriň dowamata atarylýandygynyň beýany boldy. Soňra Türkmenistanyň we Gruziýanyň Döwlet s...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Gruziýa döwlet sapary başlandy
2026-njy ýylyň 16-njy iýulynda Prezident Serdar Berdimuhamedow döwlet sapary bilen Gruziýa ugrady. Tbilisi şäheriniň Şota Rustaweli adyndaky Halkara howa menzilinde Prezident Serdar Berdimuhamedowy dostlukly ýurduň resmi adamlary, şeýle hem Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar. «Orbeliani» köşgünde Prezident Serdar Berdimuhamedowy Gruziýanyň Prezidenti Mihail Kawelaşwili mähirli garşylady. Soňra Türkmenistanyň Prezidentini resmi garşylamak dabarasy geçirildi. Ik...
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministrini kabul etdi
2026-njy ýylyň 14-nji iýulynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistana sapar bilen gelen Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministri Bahtiýor Saýidowy kabul etdi. Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Özbegistanda Türkmenistan bilen gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berilýändigini belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň döwlet Baştutanymyza hem-de Gahryman Arkadagymyza iberen mähirli salamyny, iň gowy...
Türkmenistan Ýokary derejeli syýasy forumda: 2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça çäreleri tizleşdirmek
BMG-niň Nýu-Ýork şäherindäki ştab-kwartirasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň (EKOSOS) howandarlygynda geçirilýän Ýokary derejeli syýasy forumyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýeti 2030-njy ýyla çenli durnukly ösüş boýunça Gün tertibini durmuşa geçirmäge bagyşlanan çärelere gatnaşýar. 2026-njy ýylyň 15-nji iýulynda Türkmenistanyň wekiliýeti EKOSOS-yň ýokary derejeli böleginiň «Has gowy netijeleri gazanmak: 2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek bo...
Aşgabatda türkmen-özbek syýasy geňeşmeleri geçirildi
2026-njy ýylyň 14-nji iýulynda Aşgabatda Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda nobatdaky syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow, özbek tarapyna bolsa Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministri Bahtiýor Saidow ýolbaşçylyk etdi. Geňeşmeleriň dowamynda taraplar türkmen-özbek strategik hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň meseleleri boýunça pikir alyşdylar, ikitaraplaýyn syýasy...
Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy
2026-njy ýylyň 14-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministri Bahtiýor Saidowyň duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary türkmen-özbek gatnaşyklarynyň ösüşiniň ýokary depginini kanagatlanma bilen bellediler. Iki döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlyga döwlet Baştutanlarynyň derejesindäki yzygiderli we ynanyşmaga esaslanýan gepleşikle...