img
TÜRKMENISTANYŇ BAŞ KONSULLUGY
RUSSIÝA FEDERASIÝASY - KAZAN
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
21 Awg

Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Daşary işler ministrini kabul etdi

2026-njy ýylyň 20-nji awgustynda Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Täjigistan Respublikasynyň Daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddini kabul etdi. Sirojiddin Muhriddin mümkinçilikden peýdalanyp, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň Prezident Serdar Berdimuhamedowa we Gahryman Arkadagymyza iberen mähirli salamyny ýetirdi. Şeýle-de Sirojiddin Muhriddin Türkmenistan bilen özara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň Täjigistanyň daşary syýasat...

DOWAMY
pic
20 Awg

Türkmenistan bilen Täjigistan Respublikasynyň arasynda syýasy geňeşmeler

2026-njy ýylyň 20-nji awgustynda Türkmenistanyň DIM-inde Türkmenistanyň we Täjigistan Respublikasynyň Daşary işler ministrleriniň derejesinde syýasy geňeşmeler geçirildi. Geňeşmeleriň dowamynda ikitaraplaýyn gün tertibiniň giň meseleler toplumy boýunça pikir alşyldy. Taraplar syýasy-diplomatik özara gatnaşyklaryň mehanizmlerini mundan beýläk-de kämilleşdirmäge aýratyn üns berdiler. Taraplar Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerindäki netijeli hyzmatdaşlygyň ähmiýetini kanagatlanma bilen...

DOWAMY
pic
17 Awg

Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 81-nji sessiýasynda ileri tutýan ugurlary

Türkmenistan halkara işleriň işjeň gatnaşyjysy hökmünde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 81-nji sessiýasynyň çäklerinde adamzadyň öňünde durýan has derwaýys we wajyp meseleleri çözmek barada öz garaýyşlaryny beýan eder hem-de olaryň netijeli çözülmegine gönükdirilen anyk başlangyçlary öňe sürer. Bitaraplygyň umumy ykrar edilen derejesine berk eýermek, parahatçylygy, durnuklylygy, howpsuzlygy berkitmek maksady bilen işjeň gepleşikleri hemmetaraplaýyn goldamak, netijeli sebit we sebitara hyzmatdaşlygy...

DOWAMY
pic
13 Awg

Hazar deňziniň güni mynasybetli ylmy-amaly maslahat

2026-njy ýylyň 12-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Hazar deňziniň güni giňden bellenildi. «Hazar deňziniň ekoulgamyny goramak: sebit hyzmatdaşlygy we durnukly ösüş» atly ylmy-amaly maslahat Hazar deňziniň güni mynasybetli çäreleriň esasysy boldy. Oňa ýurdumyzyň Hökümet agzalary, degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, ugurdaş düzümleriň, ylmy edaralaryň hünärmenleri, daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky ilçihanalarynyň, h...

DOWAMY
pic
11 Awg

Gahryman Arkadagymyz Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy

2026-njy ýylyň 10-njy awgustynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Iş saparynyň çäklerinde ol Serhetabat etrabynyň “Islim-Çeşme” serhetýaka zolagyna baryp, şol ýerden Owganystana iş saparyny amala aşyrdy. Bu ýerde hormatly Arkadagymyz goňşy ýurduň ýaş nesliniň wekilleriniň haýyşy boýunça olar bilen bilelikde ýadygärlik surata düşdi we sowgatlaryny gowşurdy. Gahryman Arkadagymyz hem-de...

DOWAMY
pic
6 Awg

Türkmenistanyň Prezidenti Şweýsariýa Konfederasiýasynyň wise-prezidenti, Daşary işler federal departamentiniň başlygyny kabul etdi

2026-njy ýylyň 5-nji awgustynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasyna başlyklyk edýän Şweýsariýa Konfederasiýasynyň wise-prezidenti, Daşary işler federal departamentiniň başlygy Inýasio Kassisi kabul etdi. Şweýsariýa Konfederasiýasynyň wise-prezidenti, daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy bildirilen myhmansöýerlik üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, ÝHHG-niň dünýäde parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen...

DOWAMY
pic
5 Awg

Türkmenistanyň Daşary işler ministri ÝHHG-niň häzirki başlygy bilen duşuşdy

2026-njy ýylyň 5-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasyna başlyklyk edýän Şweýsariýa Konfederasiýasynyň wise-prezidenti, Daşary işler federal departamentiniň başlygy Inýasio Kassis bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar ÝHHG-niň işiniň häzirki gün tertibindäki meselelerini, Türkmenistan bilen Guramanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň ugurlaryny, şeýle hem Türkmenistan bilen Şweýsariýa Ko...

DOWAMY