SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
2026-njy ýylyň 8-nji oktýabrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän ýokary derejeli çärelere gatnaşmak üçin ýurdumyza sapar bilen gelen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen duşuşd Döwlet Baştutanymyz Prezident Ilham Aliýewi «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda mähirli mübärekläp, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyna, GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi...
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
2026-njy ýylyň 8-nji oktýabrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän ýokary derejeli çärelere gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy. Döwlet Baştutanymyz Özbegistanyň Prezidentini «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda mähirli mübärekläp, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyna hem-de GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejl...
Türkmenistanda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy geçirilýär
Bitarap Türkmenistanyň konstruktiw daşary syýasaty, ilkinji nobatda, dünýä döwletleri, hususan hem goňşy ýurtlar bilen netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we giňeltmäge gönükdirilendir. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň belleýşi ýaly, Merkezi Aziýa döwletleri ägirt uly mümkinçiliklere eýedir we bu mümkinçilikleriň durmuşa geçirilmegi umumy abadançylygyň hem-de ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýär. Türkmenistan sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmäge ulgamlaýyn, deňagramly we toplumlaýyn çemeleşmäniň ta...
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
2026-njy ýylyň 7-nji oktýabrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Döwlet Baştutanymyz Prezident Wladimir Putini doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlap, oňa berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, Russiýanyň halkynyň bähbidine alyp barýan döwlet işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz türkmen-rus gatnaşyklaryny ösdürmäge berýän şahsy ünsi we hemmetarap...
Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjan Respublikasynyň daşary işler ministrleriniň maslahaty
2026-njy ýylyň 8-nji oktýabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjan Respublikasynyň daşary işler ministrleriniň maslahaty geçirildi. Duşuşyk sebitara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça pikir alyşmak üçin möhüm meýdança boldy. Gatnaşyjylar Merkezi Aziýa döwletleri bilen Azerbaýjanyň arasynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň geljekki mümkinçiliklerine, şeýle hem halkara we sebit gün tertibiniň möhüm meselelerine aýratyn üns berdiler. Mas...
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisi geçirildi
2026-njy ýylyň 7-nji oktýabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlise Arkalaşyga gatnaşyjy döwletleriň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem GDA-nyň Baş sekretary gatnaşdy. Mejlisiň dowamynda halkara we sebit gün tertibiniň möhüm meseleleri, şeýle hem GDA-nyň çäklerinde özara hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary boýunça pikir alyşyldy. Arkalaşyga gatnaşyjy döwletleriň ara...
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Belarus Respublikasynyň Daşary işler ministri bilen duşuşygy geçirildi
2026-njy ýylyň 7-nji oktýabrynda Türkmenistanyň 2026-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçirilýän çäreleriň meýdançasynda, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Belarus Respublikasynyň Daşary işler ministri Maksim Ryženkow bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-belarus gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny we ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar hem-de ikitaraplaýyn hyzm...