SOŇKY HABARLAR
Arkadagymyz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary bilen duşuşyk geçirdi
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Awstriýa Respublikasyna saparynyň çäklerinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary hanym Rabab Fatima bilen duşuşdy. Rabab Fatima wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygyň we durnukly ösüşiň bähbidine gönükdirilen oňyn Bitaraplyk syýasatynyň ähmiýetini belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň...
Gahryman Arkadagymyz UNIDO-nyň Baş direktory bilen duşuşdy
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Awstriýa Respublikasyna saparynyň çäklerinde Birleşen Milletler Guramasynyň Senagat ösüşi boýunça guramasynyň (UNIDO) Baş direktory Gerd Müller bilen duşuşdy. Gerd Müller belent mertebeli türkmen myhmanyny mähirli mübärekläp, Energetika we howa boýunça halkara Wena forumynyň çäklerinde Gahryman Arkadagymyz bilen duşuşmagyň özi üçin uly hormatdygyny belledi. Gahryman Arkadagymyz hoşniýetli sözl...
Gahryman Arkadagymyz Wenada AEHA-nyň Baş direktory bilen duşuşdy
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Awstriýa Respublikasyna saparynyň çäklerinde Atom energiýasy boýunça halkara agentligiň (AEHA) Baş direktory Rafael Grossi bilen duşuşdy. Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, özara gyzyklanma bildirilýän meseleler boýunça pikir alyşmak üçin dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler. Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň halkara derejede ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna laýyklykda,...
Gahryman Arkadagymyzyň Awstriýa Respublikasyna sapary başlandy
2026-njy ýylyň 8-nji aprelinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Awstriýa Respublikasyna sapar bilen ugrady. Aşgabat şäheriniň Halkara howa menziline gelende Gahryman Arkadagymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar. Birnäçe sagatdan türkmen halkynyň Milli Lideriniň uçary iki ýurduň döwlet baýdaklary bilen bezelen Wena-Şwehat Halkara howa menziline gelip gondy. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyzy Awstriýa Respublikasynyň hem-de Tü...
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
2026-njy ýylyň 7-nji aprelinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Gahryman Arkadagymyz, ilki bilen, Russiýa Federasiýasynyň parlamentiniň ýokarky palatasynyň ýolbaşçysyny doglan güni bilen öz adyndan hem-de hormatly Prezidentimiziň adyndan tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, bagtyý...
Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň DIM-leriniň ýolbaşçylarynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi
2026-njy ýylyň 6-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministri Hakan Fidanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini, şeýle hem özara gyzyklanma döredýän sebit we halkara gün tertibiniň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň halkara guramalaryň, iri halkara forumlaryň we du...
Energetika dialogynyň giňeldilmegi: Türkmenistanyň wekiliýeti «Energoprom-2026» Kazan forumyna gatnaşýar
2026-njy ýylyň 1-3-nji apreli aralygynda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň paýtagtynda «Energoprom-2026» Kazan halkara elektroenergetika forumy geçirilýär. Türkmenistanyň wekiliýetine Türkmenistanyň energetika ministri Annageldi Saparow ýolbaşçylyk edýär. «Kazan EKSPO» halkara sergi merkezinde geçirilýän çärä Russiýa Federasiýasynyň we daşary ýurtlaryň döwlet we jemgyýetçilik işgärleri, GDA agza döwletleriň energetika ministrleri, ugurdaş ministrlikleriň we pudak edaralarynyň...