SOŇKY HABARLAR
Türkmenistan Türki döwletleriň guramasyna agza döwletleriň hökümet baştutanlarynyň/wise-prezidentiniň ikinji duşuşygyna gatnaşdy
2026-njy ýylyň 2-nji aprelinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Nökerguly Atagulyýew Baku şäherinde geçirilen Türki döwletleriň guramasyna agza döwletleriň hökümet baştutanlarynyň/wise-prezidentiniň ikinji duşuşygyna gatnaşdy. Çärä Guramanyň agza döwletleriniň we synçy ýurtlarynyň hökümet Baştutanlary we wise-prezidenti, ýokary derejeli wekilleri, şeýle hem halkara düzümleriniň wekilleri gatnaşdylar. Duşuşygyň dowamynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek, ykdysad...
Ýokary derejedäki türkmen-gruzin gepleşikleri: hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy we täze mümkinçilikler
2026-njy ýylyň 30-njy martynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Gruziýa resmi saparynyň çäklerinde wekiliýetiň ýolbaşçysy, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary N.Atagulyýew Gruziýanyň Premýer-ministri Irakli Kobahidze bilen duşuşdy. N.Atagulyýew Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gyzgyn salamlaryny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Duşuşygyň dowamynda t...
Türkmenistanyň DIM-inde Uganda Respublikasynyň Daşary işler boýunça döwlet ministri bilen duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 24-nji martynda Türkmenistanyň DIM-inde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Uganda Respublikasynyň Daşary işler boýunça döwlet ministri Genri Oriýem Okellonyň arasynda duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar türkmen-uganda hyzmatdaşlygynyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, şeýle hem medeni-ynsanperwer ugurlardaky häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Söhbetdeşler ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändigini kan...
Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri bilen telefon arkaly söhbetdeşlik barada
2026-njy ýylyň 23-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Abbas Arakçiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň başynda taraplar Nowruz baýramy bilen birek-biregi gutlap, iki ýurduň halklaryna rowaçlyk we abadançylyk arzuwlaryny beýan etdiler. Şunuň bilen birlikde, A. Arakçi Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarap...
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
2026-njy ýylyň 21-nji martynda Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Muhammad Şahbaz Şarifiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, birek-biregi we iki ýurduň dostlukly halkyny mukaddes Oraza baýramy, şeýle hem iki halkyň baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolan Nowruz baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutladylar. Premýer-ministr Muhammad Şahbaz Şarif Pakistanda Türkmenistanyň gazanýan ösüşlerine ýo...
Türkmen halkynyň Milli Lideri bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
2026-njy ýylyň 20-nji martynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, birek-biregi we iki ýurduň halklaryny ýetip gelen Oraza baýramy bilen tüýs ýürekden gutladylar. “Biziň halklarymyz bu nurana baýramy asyrlaryň dowamynda bilelikde belläp gelýärler. Ol halklarymyzy birleşdirip, taryhy kök...
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Hytaýyň «CGTN» teleýaýlymyna beren interwýusy
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyran dostluk saparynyň dowamynda Hytaýyň «CGTN» teleýaýlymynyň esasy alypbaryjysy He Ýanke bilen bolan söhbetdeşligiň öňüsyrasynda onuň bilen iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary barada pikir alyşdy. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen HHR-iň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklar iki ýurduň halkara hyzmatdaş...