TÜRKMENISTANYŇ BAŞ KONSULLUGY
RUSSIÝA FEDERASIÝASY - KAZAN
2024-nji ýyl - Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Häzirki döwürde Türkmenistanda syýahatçylyk pudagyny ösdürmeklige aýratyn üns berilýär. Ýurdumyzyň tebigy-syýahatçylyk we taryhy-medeni mümkinçilikleri, baý milli däpleri we olaryň özboluşlylygy syýahatçylyk pudagynyň ösüşiniň möhüm ugurlary bolup durýar. Munuň özi, ýurdumyzyň syýahatçylyk ulgamyndaky halkara derejesiniň ýokarlandyrmagyny, dünýä syýahatçylyk bazarynda möhüm orny eýelemegini şertlendirýär.
Türkmenistan Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyndaky ýazgylaryna birnäçe gezek mynasyp boldy. Hususan-da, döwletimiz ilkinji gezek Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyndaky ýazgysyna 301 inedördül metr meýdany bolan dünýädäki iň uly el halysy üçin mynasyp boldy. Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat dünýäniň iň ak mermer şäheri diýip ykrar edildi. Türkmen paýtagtynyň beýleki ýadygärlikleri– dünýäde iň beýik hasaplanýan Türkmenistanyň Döwlet muzeýiniň öňündäki döwlet baýdagynyň sütüni, Aşgabadyň Halkara howa menziliniň girişinde ýerleşýän «Oguz han we ogullary» suw çüwdürimler toplumy, «Türkmenistan» teleradiomerkeziniň «Oguz han» ýyldyzy öz äpetligi we «Älem» medeni-dynç alyş merkezi öz ýapyk görnüşli syn ediş çarhy bilen, şeýle-de Olimpiýa stadionynyň münberini bezeýän ahalteke bedewiniň şekili dünýäde atyň iň uly nyşany hökmünde, Sportuň suw görnüşleri merkezi bolsa, dünýäde iň uly suwda ýüzülýän üsti ýapyk howuz hökmünde, 2018-nji ýylyň 1-nji iýunynda «Aşgabat» köpugurly stadionynda geçen welosport boýunça okuw sapagy bolsa, welosiped sporty boýunça iň köpçülikleýin sapak hökmünde, şeýle-de 2019-njy ýylyň 1-nji iýunynda Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesinde geçirilen iň dowamly, bir nyzamly welosipedli ýöriş, şeýle hem Aşgabatdaky we Türkmenabat şäherindäki halkara howa menzilleri dünýäniň rekordlarynyň sanawyna girizildi.
2020-nji ýylyň 1-nji maýynda Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäheri Syýahatçylyk şäherleriniň Bütindünýä Federasiýasynyň agzalygyna kabul edildi. Bu abraýly halkara guramadaky agzalyk şähere dürli syýahatçylyk ugurlarynyň ösdürilmegi we ýaýbaňlandyrylmagy, şonuň ýaly-da şäheriň syýahatçylyk görküniň işlenilip düzülmeginde täze mümkinçilikleri açýar.
Syýahatçylyk ugurlarynyň gerimini we onuň köp görnüşlerini giňeltmek, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek, hödürlenýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak, pudak üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak we maglumat-mahabat işini güýçlendirmek arkaly içerki we daşarky bazarlarda ýurdumyzyň syýahatçylyk pudagynyň ösüşini gazanmak bu babatda ýaýbaňlandyrlan möçberli işleriň esasy ugry bolup durýar.
Türkmenistanda amala aşyrylýan giň gerimli maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga döwlet tarapyndan uly mukdarda serişdeleri goýbermäge mümkinçilik berýär. Türkmenistan syýasy we ykdysady taýdan iň asuda, ekologik babatda iň arassa tebigatly we medeni-taryhy nukdaýnazardan iň gadymy taryha eýe bolan ýurtlaryň biridir. Halkara syýahatçylygynda edilýän talaplaryň arasynda syýahat ediljek ýurtda dünýäniň dürli ýerlerinden gelýän myhmanlaryň we jahankeşdeleriň howpsuzlygynyň kepili bolan parahatçylygyň we asudalygyň bolmagy, syýahatçylaryň jan saglygy, sagdynlygy babatdaky howpsuzlygynyň kepili bolan ekologik babatda arassa tebigatynyň, arassa howasynyň, içmäge ýaramly arassa suwunyň, zyýansyz iýmit üpjünçiliginiň, syýahatçylarda uly gyzyklanma döredýän täsin taryhy-medeni gymmatlyklaryň, özboluşly binagärçilik ýadygärlikleriň bardygyny bellemelidir.
Biziň ýurdumyzda agzalan talaplaryň berjaý edilmegi örän berk gözegçilikde saklanýar, bu bolsa, Türkmenistanyň halkara derejesindäki özüneçekijiligini ýokarlandyrýar.
Ýurdumyzda syýahatçylyk pudagynyň işini has-da kämilleşdirmek babatda ilatly ýerleriň we meşhurlyga eýe bolan syýahatçylyk künjekleri birleşdirýan ulag ýollarynyň abadanlaşdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Munuň üçin gezelenç etmäge, syýahatçylaryň we jahankeşdeleriň şol ýol ugurlarynda göwnejaý dynç almaklary üçin ähli zerur şertler döredilýär.
Türkmenistanyň milli ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynyň biri sagaldyş-dynç alyş we şypahana pudagy bolup durýar. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde pudaga degişli desgalaryň, olarda ilata berilýän hyzmatlaryň sany gün-günden artýar.
Syýahatçylygy ösdürmegiň aýratynlygy ykdysadyýetiň özara baglanyşykly ulgamlarynyň birnäçesiniň, ýagny, bank we ätiýaçlandyryş ulgamlarynyň, kommunikasiýa we maglumat düzüminiň, ykdysady, hukuk we buhgalterçilik hyzmatlarynyň, menejmentiň we marketingiň, ulag, bilim we saglygy goraýşyň, medeniýetiň we sungatyň, dynç alyş, iýmit we söwda ulgamlarynyň, beýleki dürli görnüşdäki hyzmatlaryň kämilleşdirilmegi bilen şertlendirilýär. Dürs meýilleşdirilen we netijeli guralan syýahatçylyk häzirki döwürde iň bir giňden talap edilýän ulgamlaryň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, ýurduň sebitleriniň syýahatçylyk mümkinçiliklerini giňden peýdalanmak, sarp edijilere ähli zerur bolan hyzmatlary ýerinde hödürlemek we baý tebigy serişdeleri netijeli ulanmak boýunça degişli düzümi kemala getirilýär.
Ýurdumyzda syýahatçylygyň dürli görnüşleri ösen. Olara taryhy-medeni ýadygärliklere syýahat, şypahanalarda dynç almak, sport syýahaty, dag-çöl landşaftyna syýahat, tebigy ýadygärliklere syýahat we ş.m. degişlidir.
Gadymy Ýüpek ýolunyň möhüm bölegi bolan Türkmenistanyň syýahatçylyk ulgamynyň ägirt uly mümkinçiliklere eýe bolup durýandygyny bellemek zerur. ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen Nusaýa, gadymy Merwe we Köneürgenje guralýan syýahatçylyk türkmen halkynyň özboluşly medeni mirasy we gadymy taryhy ýerleri bilen ýakyndan tanyşdyrmaga mümkinçilik döredýär.
Türkmenistan medeni-taryhy ýadygärlikler bilen bir hatarda özüneçekiji tebigy ýadygärliklere hem baýdyr. Köpetdagyň ajaýyp künjekleri, Garagum çölüniň ösümlik we haýwanat dünýäsi, Amyderýanyň kenar ýakalary, Köýtendag, Günorta-Günbatar Türkmenistanyň subtropiki ýerleri, şeýle hem Hazar deňziniň türkmen kenary ekologik syýahatçylyk üçin örän täsirli ýerlerdir. Mundan başga-da, Türkmenistanda ekosyýahatçylyk, esasan, Bathyz, Repetek, Sünt-Hasardag we beýleki milli goraghanalara hem guralýar.
Türkmenistanyň tebigaty özboluşly täsin ösümlik we haýwanat dünýäsi bilen tapawutlanýar. Arçabil we Gökdere jülgeleri Köpetdagyň iň gözel ýerinde ýerleşendir. Bu ajaýyp jülgelerde arassa dag howasy, çogly güneş, howanyň gündelik üýtgemesi adama ruhlandyryjy, dartgynlygy aýyryjy we şähdiňi açyjy aýratynlyklary bilen täsir edýär.
Günbatar Köpetdagyň iň gözel ýerleriniň ýene-de biri Aýdere jülgesidir. Ol dag-sähra häsiýetli howasy, ösümlik we haýwanat görnüşleriniň köpdürlüligi, onlarça dury suwly çeşmeli gözel dereleri, köne galalary we gadymy döwürden galan taryhy ýadygärlikleri bilen tapawutlanýar.
Ýurdumyzyň günorta-gündogarynda ýerleşen hem-de tebigy ýadygärlikleriň toplumlaryny özünde jemleýän Köýtendag ekosyýahatçylygy ösdürmekde geljegi uly bolan ajaýyp ýerleriň biridir. Köýtendag etrabynda ýerleşýän gadymy döwürlerde ýaşap geçen dinozawrlaryň yzlarynyň daşa öwrülen sudurlary ony synlaýan adamlarda uly gyzyklanma döredýär. Köýtendagyň Umbardere şaglawugy, Kyrkgyz gowagy, Gaýnarbaba çeşmesi, dag jülgeleri ýaly gözel we täsin ýerleri hem özüniň gözelligi, özboluşlylygy bilen görenleri haýrana goýýar. Taryhy-medeni we tebigy ýadygärliklere baý bolan Köýtendag ýerli we halkara syýahatçylaryň köp gelýän hem-de gyzyklanma bildirýän ýerleriniň birine öwrüldi.
Ýurdumyzyň günorta-günbatarynda ýerleşen Sumbar jülgesi hem syýahatçylygy ösdürmekde geljegi uly bolan ýerleriň hataryna girýär. Sumbar jülgesi özüniň ajaýyp dag dereleri, çeşme-çaýlary, täsin haýwanat dünýäsi, datly miweleri we hoz tokaýlyklary bilen tapawutlanýar.
Dünýäniň çägeli çölleriniň iň ulularynyň biri bolan Garagum çöli baý haýwanat we ösümlik dünýäsi, yssy, gurak howa şertleri, tebigy keşbiniň üýtgewsizligi, onuň çäklerinde ýerleşýän oazisler, taryhy-arheologiýa we beýleki täsin aýratynlyklary bilen dünýä ýurtlarynyň köp sanly jahankeşdelerini özüne çekýär. Ýaz we güýz aýlary Garagum çölüniň owadan tebigatynyň ynsana ýaramlylygy has-da artýar.
Türkmenistanyň döwlet syýasatynda ekologiýa howpsuzlygyny we abadançylygyny üpjün etmek babatynda türkmen tebigatynyň asyl durkuny saklap galmak we onuň ajaýyp gözelligini geljekki nesillere miras galdyrmak meselesine aýratyn üns berilýär we bu ugurda giň möçberli il-ýurt bähbitli işler durmuşa geçirilýär.
Sebitde iň arassa kenarlaryň biri hasaplanýan, tebigy gözellikleriň, ajaýyplyklaryň iň baý ýeri bolan Hazar deňziniň türkmen kenary - «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy halkara we ýerli syýahatçylyk üçin örän täsirli we üýtgeşik ýerdir. Arassa deňiz suwy, hoştap howasy, mineral birleşmeleri we bejeriş palçyklary bilen meşhur bolan Hazar deňziniň kenary täsin haýwanat dünýäsi we biodürlüligi bilen ekosyýahatçylyk ulgamyny ösdürmek üçin örän amatly bolup durýar.
Hazaryň kenary ýylyň dört paslynda-da öz gözelligi, ajaýyplygy bilen haýran edýär.
Tourism companies of Turkmenistan:
1. "HAZAR TRAVEL", Turkmenistan, Ashgabat, Ataturk Street, Tel: + 993 65 87-40-90, +993 63 78-70-39. mail: hazar.travel.tm@gmail.com; Whatsapp: +993 65 87 40 90; Facebook: m.facebook.com/hazartraveltm/; Instagram: www.instagram.com/hazar.travel/
2. STE “ASHGABATSIYAKHAT” 744013, Turkmenistan, Ashgabat, Garashsyzlyk str., 76. Tel: +(99312) 21-05-56/57/58, 21-06-35, 21-32-47. Tel/fax: +(99312) 21-05-61, 21-06-40. E-mail: ashgabadsiyakhat@online.tm. Web: www.ashgabat-tours.com.
3. “DN TOURS” Tourism Company 744005, Turkmenistan, Ashgabat, Magtymguly str., 50. Tel./fax: +(99312) 27-04-39, 27-04-20, 27-06-21. E-mail: admin@dntours.com. Web: www.dntours.com.
4. "SAADA" Tourism Company, 744000 Turkmenistan, Ashgabat, Magtymguly Avenue 117/17. Tel./fax: +(99312) 93-42-02, Mob.: +99365 699880; E-mail: saada.tour.tkm@gmail.com; Web: www.saada-tour.com.tm
5. "Halkara Syýahat", Turkmenistan, Ashgabat, G. Ezizow str., 36, Tel: +99363 103444; Instagram: @halkaratravel
6. Trawelco, Tel. +99364776969, Email: info@trawel.com
7. Owadan Tourism, 207 Oguzkhan Street, Office № 335, 744027 Ashgabat, Turkmenistan, +993 12957673; +993 64984332, email: sales@owadan.net