Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrini kabul etdi

photo

2025-nji ýylyň 25-nji iýunynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza resmi sapar bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrowy kabul etdi.

Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi hem-de rus tarapynyň Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklara, netijeli hyzmatdaşlyga berk ygrarlydygyny nygtady.

Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministri rus tarapynyň adyndan Türkmenistanyň Prezidentine Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli Moskwada geçirilen dabaralara gatnaşandygy üçin hoşallyk bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçysyny mübärekläp, onuň ýurdumyza saparynyň hem-de göz öňünde tutulan gepleşikleriň türkmen-rus gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam etjekdigine ynam bildirdi. Türkmenistanyň Prezidenti Wladimir Putine mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan edip, Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistanyň strategik hyzmatdaşy bolup durýandygyny belledi.

Gyzyklanma bildirilen pikir alyşmalaryň barşynda hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyna we geljegine garaldy. Syýasy dialog, şol sanda iki ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ugry boýunça köptaraply gatnaşyklar okgunly ösdürilýär. Parlamentara hyzmatdaşlyk amala aşyrylýar, daşary syýasat edaralarynyň arasynda geňeşmeler işjeň geçirilýär.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan we Russiýa Federasiýasy ikitaraplaýyn, şeýle hem köptaraplaýyn görnüşde netijeli gatnaşyk edýärler. Taraplaryň abraýly halkara guramalaryň – BMG-niň, GDA-nyň we beýleki guramalaryň çäklerinde öňe sürülýän halkara başlangyçlarydyr teklipleri özara goldaýandygy munuň aýdyň mysalydyr.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny goldaýandygy üçin Russiýa Federasiýasyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara forum geçiriler. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz rus tarapynyň bu foruma ýokary derejede gatnaşmagynyň onuň işine uly goşant boljakdygyny nygtady.

Söwda-ykdysady ulgamda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin täze mümkinçilikleri açýan ägirt uly kuwwat bar. Şunda daşary ykdysady dialogy ilerletmäge ýardam edýän bilelikdäki hökümetara toparyň uly orny we netijeli işiniň ähmiýeti bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, onuň nobatdaky mejlisini geçirmegiň möhletlerini kesgitlemäge degişli meselä üns çekildi.

Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideriniň şu ýylyň maýynda “Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanForum 2025” XVI halkara ykdysady forumyna gatnaşmagynyň ähmiýeti bellenildi. Gahryman Arkadagymyz Kazana saparynyň çäklerinde Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Bellenilişi ýaly, ulag-logistika pudagynda halkara üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek boýunça taslamalary durmuşa geçirmek üçin ägirt uly mümkinçilikler bar.

Ynsanperwer ulgam hem özara gatnaşyklaryň möhüm ugry hökmünde görkezildi. Şunda ylym-bilim, medeniýet, saglygy goraýyş ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk aýratyn orny eýeleýär.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan edip, dostlukly türkmen-rus gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de okgunly ösdüriljekdigine we täze many-mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynam bildirdiler.

Şol gün saparyň maksatnamasynyň çäklerinde myhman “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumyna baryp gördi we “Baky şöhrat” ýadygärligine gül goýmak dabarasyna gatnaşdy.