SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystanyň Daşary işler ministrini kabul etdi
2026-njy ýylyň 1-nji iýulynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza resmi sapar bilen gelen Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministri Ýermek Koşerbaýewi kabul etdi. Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik hem-de türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, Gazagystanda Türkmenistan bilen däp bolan hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýändigini belledi. Ministr mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Kasym-Žo...
Türkmenistanyň DIM-nde türkmen-gazagystan daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky geňeşmeleriň nobatdaky tapgyry geçirildi
2026-njy ýylyň 1-nji iýulynda Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministrleriniň derejesinde syýasy geňeşmeler geçirildi. Diplomatlar hoşniýetli goňşuçylyk we özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan döwletara hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryna syn berdiler. Syýasy-diplomatik ugur boýunça taraplar iki döwletiň Baştutanlary tarapyndan kesgitlenýän ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary depginini bellediler. Jemgyýetçilik dip...
Aşgabatda Türkmenistanyň we Gazagystanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda gepleşikler geçirildi
2026-njy ýylyň 1-nji iýulynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Aşgabat şäherine resmi sapar bilen gelen Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministri Ýermek Koşerbaýew bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda ministrler döwletleriň Baştutanlarynyň arasyndaky ynanyşykly dialogyň we özara syýasy erkiň netijesinde türkmen-gazak gatnaşyklarynyň strategik hyzmatdaşlyk derejesinde ösüşiniň yzygiderli dowam edýändigini bellediler. Diplomatlar ýokary...
Gahryman Arkadagymyz bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
2026-njy ýylyň 29-njy iýunynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Prezident Rejep Taýyp Ärdogan Gahryman Arkadagymyzy doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, abadançylyk, jogapkärli döwlet işinde uly üstünlikleri arzuw etdi hem-de Milli Liderimiziň türk-türkmen dostluk gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmag...
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy we Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi
2026-njy ýylyň 29-njy iýunynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Russiýanyň parlamentiniň ýokarky palatasynyň ýolbaşçysy Gahryman Arkadagymyzy doglan güni bilen mähirli gutlap, tüýs ýürekden berk jan saglyk, uzak ömür, jogapkärli döwlet işinde täze üstünlikleri arzuw etdi. Şeýle hem...
Türkmen halkynyň Milli Lideri we Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdiler
2026-njy ýylyň 29-njy iýunynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Prezident Kasym-Žomart Tokaýew Gahryman Arkadagymyzy doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, rowaçlyk, jogapkärli döwlet işinde täze üstünlikleri arzuw etdi. Şeýle hem dostlukly ýurduň Prezidenti gazak-türkmen gatnaşyklaryny has-da pugta...
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi
2026-njy ýylyň 29-njy iýunynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Özbegistanyň Baştutany Gahryman Arkadagymyzy doglan güni bilen gutlap, berk jan saglyk, uzak ömür, ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi, halkymyzyň abadan durmuşy ugrunda alyp barýan giň gerimli işlerinde üstünlikleri arzuw etdi. Şeýle hem özbek Li...